Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Siriýadan goşun çykarylandan soň ol ýerde 200 sany 'parahatçylyk esgeriniň' galjagyny aýdýar


Siriýadaky amerikan esgerleri. Arhiw suraty
Siriýadaky amerikan esgerleri. Arhiw suraty

Birleşen Ştatlar Siriýada, ol ýerdäki esasy harby güýçlerini çykaranyndan soň, wagtlaýyn azyndan 200 sany “parahatçylyk esgerini” galdyrjakdygyny aýtdy.

“200 çemesi parahatçylyk esgerinden ybarat kiçi topar Siriýada belli bir döwre çenli saklanar” diýip, Ak tamyň sözçüsi Sarah Sanders 21-nji fewralda aýtdy.

Prezident Donald Tramp dekabrda Siriýadaky 2000 amerikan esgeriniň ählisini ol ýerden çykarjakdygyny aýdyp, ABŞ-nyň kanun çykaryjylaryny we halkara ýaranlaryny geň galdyrdy. Prezident “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň pitneçileriniň ýeňlendigini aýdyp, olaryň indi ol ýerde saklanmagynyň gereginiň ýokdugyny aýtdy.

Tramp bu gyssanmaç çykyş plany üçin respublikanlar, demokratlar, käbir daşary ýurt resmileri tarapyndan tankyt edildi. Olaryň köpüsi bu planyň ABŞ-nyň kürt ýaranlaryny türkleriň eline galdyrjakdygyny, ýeňşi bolsa Orsýet bilen Eýrana berjekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG