Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bosgunlykdan dolanyp gelen täjik aktiwisti Duşenbede tussag edildi


Şarofiddin Gadoew, täjik aktiwisti
Şarofiddin Gadoew, täjik aktiwisti

Niderlandiýanyň Daşary işler ministrligi täjik häkimiýetleriniň geçen hepde daşary ýurt bosgunlygyndan gelen oppozisiýa wekiliniň tussag edilendigini we “jenaýat işlerinde” aýyplanýandygny tassyklandygyny aýdýar.

“Golland [Daşary işler ministrligi] hazirki pursatda [Şarofiddin] Gadoewe nähili kömek edip boljagyny öwrenýär. Biz bu işi ýakyndan synlaýarys” diýip, ministrligiň sözçüsi Willemien Veldman 21-nji fewralda Azatlyk radiosyna iberen beýanatynda aýtdy.

Gadoewiň kanuny wekili biraz öň golland häkimiýetleriniň, aktiwistiň ýaşaýyş rugsadyny alan ýurdunyň, täjik oppozisiýasynyň we hukuk goraýjylaryň bildiren aladalaryndan soň, bu ýagdaýy derňemäge başlandygyny aýtdy.

Gadoewiň ejesi Azatlyk radiosyna öz oglunyň 20-nji fewralda, bir gije öýlerinde bolanyndan soň, agşam sagat 8-de alnyp gidilendigini, onuň nirede saklanylýandygyny bilmeýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG