Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ indi Siriýada 400 harby saklajagyny aýdýar, ozal 200 diýipdi


Siriýanyň ABŞ goldawyndaky Demokratik güýçleriniň (SDG) esgerleri

Ak tam Siriýadaky ABŞ güýçleri babatdaky planlaryny aýdyňlaşdyryp, indi uruşdan tozan ýurtdaky goşunlaryny bu ýurtdan çykarandan soň, ol ýerde 400 harbysyny saklap galjakdygyny aýtdy. Bir gün öň Siriýada 200 sany “parahatçylyk esgeriniň” saklanylyp galynjakdygy aýdylypdy.

Ak tamyň resmisi 22-nji fewralda Siriýada galdyryljak esgerleriň täzeden seredilen möçberi barada maglumat berip, olaryň “Tanf” garnizonynyň bir bölegi hökmünde demirgazyk-gündogar Siriýada ýerleşdiriljegini aýtdy.

Ak tamyň sözçüsi Sarah Sanders 21-nji fewralda “200 çemesi parahatçylyk esgerinden ybarat kiçi topar Siriýada belli bir döwre çenli saklanar” diýdi.

Goşunlaryň täzeden seredilen möçberi babatda bada-bat düşündiriş berilmedi. Siriýanyň ABŞ goldawyndaky Demokratik güýçleri (SDG), kürtleriň ýolbaşçylygyndaky topar ABŞ-nyň ýurtda harby işgärleri saklamak kararyny “oňyn” alamat hökmünde gutlap çykyş etdi.

Prezident Donald Tramp 22-nji fewralda Siriýada goşun saklamagyň özüniň ozal bu ýurtdaky amerikan goşunlaryny doly çykarmak kararyna ters gelýändigini inkär etdi. “Men ugrumy üýtgedemok” diýip, Tramp aýtdy we ol ýerde galdyrylýan goşunlaryň sanynyň Siriýadaky ABŞ güýçleriniň başky möçberi bilen deňeşdirilende “örän azdygyny” belledi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG