Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistanda bikanun öndürilen alkogolly içgini içen 93 adam öldi


Pakistanda gümrükde tutulan alkogolly içgileriň ýok edilişi. Arhiw suraty

Hindistanyň demirgazyk-gündogaryndaky Assam ştatynda bikanun öndürilen alkogolly içgini içen adamlaryň azyndan 93 sanysy öldi, 200 çemesi bolsa hassahana ýerleşdirildi diýip, resmiler 23-nji fewralda aýtdylar.

Hindistanda alkogolly içgileri içip, heläk bolýanadamlaryň sany azalmaýar. Iki hepdeden hem az wagt öň demirgazyk Hindistanda 100-den gowrak adam zaýalanan alkogolly içgiden heläk boldy.

"Her 10 minutda biz dürli ýerlerde bolýan häläkçilikler barada habar alýarys. Şu wagta çenli 200 çemesi adam hassahana ýerleşdirildi we olaryň köpüsi agyr ýagdaýda” diýip, Assamyň saglyk ministri Himanta Biswa Sarma “Roýters” habar gullugyna telefon arakly aýtdy.

Hindistanda ýerli şertlerde öndürilýän alkogolly içgilerden ölýän adam kän, sebäbi köp adam düzüw şertlerde öndürilen içgileri satyn alyp bilmeýär.

Günbatar Bengalda 2011-nji ýylda alkogolly içgiden 172 adam öldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG