Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan bazar bahalaryna döwlet kontrollygyny kanunlaşdyrýar


Aşgabatda satylýan çörek

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 22-nji fewralda baha (tarif) emele getirmegi mundan beýläk-de kämilleşdirmek we sarp edijileri durmuş taýdan goramak hakyndaky karara gol çekdi diýip, TDH habar berýär.

Täze karara laýyklykda, önümçilik-tehniki maksatly we durmuş taýdan ähmiýetli harytlaryň, önümleriň, işleriň hem-de hyzmatlaryň möhüm görnüşleriniň bahalary (tarifleri) döwlet tarapyndan düzgünleşdiriler.

Şeýle-de, harytlaryň, önümleriň, işleriň hem-de hyzmatlaryň sanawy, içerki bazar üçin bahalary (tarifleri) Ministrler Kabineti bilen ylalaşylyp, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan kesgitlener diýip, habarda aýdylýar.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, Adalat ministrligi bilen bilelikde, karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri iki aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler kabinetine bermek tabşyryldy.

Türkmenistanda, bazar ykdysadyýetine geçilýän şertlerinde, bazarlardaky bahalara we nyrhlara döwlet kontrollygyny saklap galmak öňki ýyllardan bäri dowam edýär. Bazar söwdagärleri bu ýagdaýyň özlerini zyýanlaryna işlemäge mejbur edýändigini aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG