Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saud Arabystany Birleşen Ştatlardaky wekiliniň wezipesine ilkinji aýal ilçini belledi


Hökmürowan täç geýdirilen şazada Muhammad bin Salman
Hökmürowan täç geýdirilen şazada Muhammad bin Salman

Saud Arabystany aýlak ýurdunyň iň möhüm orunlarynyň birine, ýurduň Birleşen Ştatlardaky ilçisiniň wezipesine ilkinji aýal ilçisini belledi.

Döwlet mediasy 23-nji fewralda Reema bint Bandar bin Sultanyň, Birleşen Ştatlarda ozal uzak wagt ilçi bolan diplomatyň gyzynyň Waşingtondaky ilçi wezipesine bellenilendigini habar berdi.

Ol şazada Khalid bin Salmanyň, hökmürowan täç geýdirilen şazada Muhammad bin Salmanyň doganynyň ýerine geçýär. Khalid bin Salman goranmak ministriniň – MBS-nyň orunbasary wezipesine bellenildi.

Olaryň ikisi hem saud patyşasy Salmanyň ogly.

Bu habar Riýadyň žurnalist Jamal Kaşogginiň Stambuldaky konsullygyň içinde saud agentleri tarapyndan öldürilmegi sebäpli ýüzbe-ýüzbe bolan global ýazgarylmasynyň garşysyna durmaga çalyşýan wagtyna gabat geldi.

Şazada Khalid bin Salman Birleşen Ştatlarda 2017-nji ýyldan bäri ilçi bolup işleýärdi.

XS
SM
MD
LG