BMG 2018-nji ýylda Owganystanda öldürilen asuda adamlaryň sanynyň rekord derejede ýokary galandygyny belläp, muňa jeňçi toparlaryň janyndan geçen bombaçylarynyň gürelmeginiň we ABŞ ýobaşçylygyndaky güýçleriň urýan howa zarbalarynyň sebäp bolandygyny aýtdy.
BMG-niň Owganysatndaky kömek missiýasy (UNAMA) 24-nji fewralda çap edilen ýyllyk hasabatynda Owganystandaky konfliktde 3,804 asuda adamyň öldürilendigini, 7,189 adamyň bolsa ýaralanandygyny, munuň 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende 11% ýokarlanma bolýandygyny aýtdy.
Owganystandaky kömek missiýasynyň 2009-njy ýyldan bäri ýöredýän hasabyna laýyklykda, asuda adamlaryň ölümi geçen ýyl iň ýokary derejä galdy.
Hasabatda aýdylmagyna görä, asuda adamlaryň ölüminiň 63 prosentine jeňçiler, hususan-da “Talyban” we “Yslam döwleti” topary sebäp bolupdyr.
Asuda adamlaryň 24 prosentiniň ölüminde hökümet we onuň ABŞ we NATO ýaranlary günälenýär.
Bu hasabat ABŞ we “Talyban” gepleşikçileriniň Katarda 17 ýyllyk gapma-garşylygy togtatmak üçin nobatdaky duşuşygynyň geçiriljek wagtynyň öň ýanyna gabat geldi.
BMG-niň ilçisi Tadamichi Yamamoto asuda adamlaryň öldürilmeginiň düýpden kabul ederliksizdigini aýtdy.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.