Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Hukuk goraýjy toparlary täjik aktiwistiniň azat edilmegine çagyrýarlar


Şarofiddin Gadoýew

Täjik we rus resmileri oppozisiýa aktiwistini eden-etdilikli ýagdaýda tussag edip, zor bilen Täjigistana deportasiýa etdiler diýip, adam hukuklaryny goraýjy toparlary belleýärler.

Merkezi aziýaly migrantlaryň Assosasiýasy, Merkezi Aziýadaky Adam Hukuklarynyň Assosasiýasy, Human Rights Watch, Norwegiýanyň Helsinki Komiteti beýanat ýaýradyp, Şarofiddin Gadoýewiň täjik türmesinden dessine azat edilmelidigini we bosgunlyk statusy bolan Niderlandlara aşmagyna mümkinçiligiň döredilmelidigini aýtdylar.

33 ýaşly Gadoýew düýbi Ýewropada ýeleşýän Täjigistanyň Milli Ýaranlygy oppozisiýa toparynyň agzasydyr. Şeýle-de, ol gadagan edilen Topar-24 oppozisiýa syýasy hereketiň esaslandyryjysydyr.

Ol 2015-nji ýyla çenli Niderlandlarda ýaşaýardy.

Täjigistany 1992-nji ýyldan bäri dolandyrýan Emomali Rahmonyň hökümeti dissidenlteri basyp ýatyrmakda tankytlanýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG