Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň aragatnaşyk ministri “Internet içalyçylygynda” aýyplanýar


37 ýaşly Jahromi prezident Hassan Rohaniniň hökümetiniň iň ýaş agzasydyr.
37 ýaşly Jahromi prezident Hassan Rohaniniň hökümetiniň iň ýaş agzasydyr.

Eýranda prokurorlar aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary ministrine “Internet içalyçylygy” boýunça aýyplama bildirdiler diýip, döwlet mediasy habar berýär.

Mohammad-Jawad Azari Jahrominiň Eýranda Interneti ulanmak boýunça kesgitlenen talaplary berjaý etmändigi aýdylýar.

Prokuratura ministriň hereketleri netijesinde Eýranyň maglumatlarynyň ýurduň duşmanlaryna elýeterli bolandygyny, şeýle-de munuň “Internet içalyçylygy” hökmünde häsiýetlendirilýändigini aýtdy.

37 ýaşly Jahromi prezident Hassan Rohaniniň hökümetiniň iň ýaş agzasydyr. Galyberse-de, Jahromi Internet gözegçiliginiň aradan aýrylmagyny goldap gelýärdi.

Käbir synçylar Eýranyň aşa konserwatiw wekilleriniň ministre garşy bildiren aýyplamalaryny prezident Rohanini abraýdan düşürmek ugrunda edilýän tagallalaryň bir bölegi hökmünde häsiýetlendirdiler.

XS
SM
MD
LG