Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ-nyň wekili we “Talybanyň” esaslandyryjylarynyň biri Katarda duşuşdylar


ABŞ-nyň ýörite wekili Zalmaý Halilzad

ABŞ-nyň ýörite wekili Zalmaý Halilzad, Owganystandaky 17 ýyl bäri dowam edýän urşy gepleşikleriň üsti bilen çözmek ugrundaky alnyp barylýan tagallalaryň çäginde, Katarda owgan “Talybanynyň” esaslandyryjylarynyň biri bilen duşuşdy.

“Edil şu wagt Molla [Abdul Gani Baradar] we onuň topary bilen öýlänlik naharyny edindik. Bu biziň ilkinji duşuşygymyz boldy. Biz indi gepleşiklere başlaýarys” diýip, Halilzad 25-nji fewralda Twitter hasabatynda ýazgy galdyrdy.

Baradar Pakistanda sekiz ýyl türme tussaglygyndan soň, geçen oktýabrda azatlyga goýberildi. Galyberse-de, Baradar “Talybanyň” syýasy ýolbaşçysy hökmünde bellenildi.

“Talybanyň” metbugat wekili Zabihullah Mujahid planlaşdyrylan dört günlük gepleşikleriň dowamynda “käbir netijeleriň gazanylmagynyň mümkindigini” “The Associated Press” agentligine aýtdy.

Owganystanyň ýarpysyna gözegçilik edýändigi aýdylýan “Talyban” soňky aýlaryň dowamynda Halilzad bilen ençeme tapgyr gepleşikleri geçiripdi.

Emma, jeňçi topary owgan hökümetini “oýnatgy” atlandyryp, onuň wekilleri bilen duşuşmakdan ýüz öwrüp gelýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG