Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň metbugat wekiliniň gyzy Ýewropa Parlamentiniň Brýusseldäki edarasynda iş tejribesini geçýär. Bu barada Azatlyk Radiosyna belli boldy.
Dmitriý Peskowyň 21 ýaşly gyzy Ýelizaweta Peskowa Ýewropa Parlamentiniň fransiýaly agzasy Emirik Şopardyň (Aymeric Chauprade) garamagynda tejribe geçýär. Bellesek, Şopard Russiýanyň 2014-nji ýylda Krym ýarymadasyny basyp almagyny açyk goldapdy.
Peskowanyň ady Şopardyň Ýewropa Parlamentindäki web-sahypasynda agzalýar. Şopardyň özi hem Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde Peskowanyň öz toparynyň düzüminde işleýändigini tassyklady.
“Hanym Peskowa, gürrüňsiz, Russiýa Federasiýasyndaky möhüm şahsyýetiň gyzydyr. Emma, talyp hökmünde, onuň beýleki iş tejribesini geçýän ýaş adamlardan artykmaç ygtyýarlygy ýokdur” diýip, Şopard e-meýl arkaly jogap berdi.
Mundanam başga, Şopard Peskowanyň Russiýanyň ne hökümet, ne-de şahsy pudagynda işleýändigini sözüne goşdy.
Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?