Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň daşary işler ministri wezipesinden çekilýändigini mälim etdi


Mohammad Jawad Zarif
Mohammad Jawad Zarif

Eýranyň daşary işler ministri wezipesinden çekilýändigini yglan etdi.

Mohammad Jawad Zarif özüniň Instagram sahypasynda ýerleşdiren ýazgysynda mundan beýläk wezipe borçlaryny dowam etdirip bilmejekdigi üçin ötünç sorady; şol bir wagtda-da, ol başga goşmaça maglumat bermekden saklandy.

“Eýranyň gadyrly we mähriban halky, şu soňky geçen 67 aý üçin size sag bolsun aýdýaryn. Men mundan beýläk dowam edip bilmejekdigim, şeýle-de wezipämdäki goýberen kemçiliklerim üçin ötünç soraýaryn. Men Eýranyň halkyna we resmilerine minnetdarlygymy bildirýärin” diýip, ol ýazgy galdyrdy.

2013-nji ýylyň awgustyndan bäri Eýranyň daşary işler ministri bolup işlän Zarif öz topary bilen Bilelikdäki Toplumlaýyn Hereket Plany diýlip bilinýän ylalaşygyň üstünde işläpdi. Bu ylalaşyga laýyklykda, Eýranyň özüniň ýadro programmasyndan el çekmeginiň öwezine, Tährana garşy girizilen sanksiýalar gowşadylmalydy.

Geçen ýyl ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Waşingtonyň ylalaşykdan çykýandygyny yglan edip, Eýrana garşy sanksiýalary täzeden girizipdi.

Emma, ABŞ-nyň Ýewropadaky ýaranlary ylalaşygyň saklanyp galmagynyň tarapynda çykyş edýärler.

XS
SM
MD
LG