Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistana barýan pişik Russiýadan çykarylmady


Pişik. Illýustrasiýa suraty

Moskwanyň Domodedowo aeroportynyň weterinar barlag nokadynda Moskwa, Podmoskowýe we Tula oblasty boýunça Rosselhoznadzoryň edarasy Türkmenistana barýan pişigi ýurtdan çykarmady.

Edaranyň metbugat edarasynyň beren maglumatyna görä, pişige berlen weterinar-ugradyjy dokument kesgitlenen nusgada çap edilmändir.

Munuň bilen baglylykda, weterinar gullugy pişigiň uçaryň bortuna eltilmegini gadagan etdi.

Bellesek, bu waka Türkmenistanyň özünde it-pişikleriň yzygiderli we rehimsiz awlanýan, köpçüligiň içinde öldürilýän döwrüne we tutulan haýwanlaryň toplanýan ýerlerindäki aýylganç şertler hakynda maglumatlaryň çap bolmagyna gabat geldi.

Aşgabatda itler we pişikler 'awlanýar, öldürilýär'
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:33 0:00

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG