Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň prezidenti daşary işler ministriniň wezipeden çekilmegini kabul etmedi


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani we daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani we daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif

Eýranyň prezidenti daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifiň wezipeden çekilmegini kabul etmän, munuň "ýurduň bähbitlerine tersdigini" aýtdy.

"Siz meniň we tutuş yslam ýolbaşçylygynyň, esasan-da baş lideriň [Aýatolla Ali Hameneiniň] ynamyna eýe bolduňyz" diýip, Hassan Rohani Zarife ýazan we hökümetiň resmi websaýtynda 27 fewralda çap bolan hatda ýazýar.

Prezident daşary işler ministrini öz işini "güýç" we "batyrlyk" bilen dowam etdirmäge çagyrdy.

Zarif wezipeden çekilmek niýetini 25-nji fewralda Instagramda çap eden maglumatynda mälim etdi. Onuň bu karary ýurduň berk syýasatçylarynyň ony 2015-nji ýylda Tähranyň we dünýä liderleriniň arasynda baglaşylan ýadro ylalaşygynyň üstünde tankyt edýän wagtyna gabat geldi.

2018-nji ýylyň maý aýynda ABŞ bu ylalaşykdan çykýandygyny yglan etdi we Eýrana garşy sanksiýalary gaýtadan dikeltdi.

27-nji fewralda Zarif Tähranda Ermenistanyň premýer-ministrini garşy almak dabarasyna gatnaşdy. Ol Instagramda çap eden maglumatynda Eýranyň resmilerine we halkyna goldaw üçin minnetdarlyk bildirdi we ýurduna gulluk etmäge mydama taýýardygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG