Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kairiň demirýol stansiýasynda heläkçilikli ýangyn boldy


Kair, 27-nji fewral, 2019

Müsürden gowuşýan habarlara görä, Kairiň merkezi demirýol stansiýasynda dörän ýangyn zerarly azyndan 10 wepat bolupdyr, 20-den gowrak adam ýaralanypdyr.

Howpsuzlyk güýçlerine salgylanyp, aýdylyşyna görä, ýangyn otlynyň Kairiň merkezindäki Ramses stansiýasynyň platformasyny kakmagynyň netijesinde döräpdir.

Tassyklanmak maglumatlarda ýangyna ýangyç daşaýan ulagyň partlamagynyň sebäp bolandygy aýdyldy.

Kairiň Demirýol hassahanasynyň başlygy Mohammed Said adam pidalaryň sanynyň ýene artmagynyň çak edilýändigini aýtdy.

Ýangynyň bolan ýerinde onlarça tiz kömek we ýangyn söndüriji ulagy jemlendi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG