Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda gaz partlamasynda azyndan üç adam wepat boldy


Gazagystanyň kartasy

Gazagystanyň günorta Taraz şäherinde gazadan bolmagy güman edilýän partlama azyndan üç adamyň ölümine we ýaşaýyş jaýyň bölekleýin ýumrulmagyna sebäp boldy, diýip resmiler aýdýarlar.

Taraz şäheriniň saglyk we adatdan daşary resmileriniň sözlerine görä, partlama 27-nji fewralda ýerli wagt bilen ir sagat 6:20 töwereginde bäş gatly ýaşaýyş jaýyň ikinji gatynda emele gelipdir.

Partlama zerarly binanyň birinji we üçünji gatlaryndaky üç öý ýumrulypdyr.

Resmileriň sözlerine görä, azyndan alty adam ýaralanypdyr, olaryň üçüsi keselhanada galýar. Jemi 145 adam binada çykarylypdyr.

Polisiýanyň deslapky netijelerine görä, partlama "tebigy gaz guralynyň nädogry ulanylmagy" sebäp bolupdyr.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG