Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda polisiýa protestçileri saklady


Gazagystanda polisiýa protestçileri saklady
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:30 0:00

Gazagystanda polisiýa protestçileri saklaýar

Gazagystanyň iki iri şäherinde awtoritar prezident Nursoltan Nazarbaýewiň häkimiýet başyndaky partiýasynyň binalarynyň daşynda geçirilen protestleriň dowamynda polisiýa ençeme demonstranty saklady.

Paýtagt Astanada we ýurduň iň iri şäheri Almatyda geçirilen protestlerde onlarça demonstrant Nazarbaýewiň häkimiýetden çekilmegine çagyryş etdiler. Nazarbaýew Gazagystana Sowet Soýuzy darganyndan, ýagny 1991-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edip gelýär.

Protestçiler hökümeti adaty adamlaryň meselelerine we mätäçliklerine üns bermezlikde aýypladylar.

4-nji fewralda Astanada bir binanyň ot almagy netijesinde bir maşgalanyň bäş çagasynyň ölmeginden soň, ençeme hepde bäri ýurduň dürli künjeklerinde protestler geçirilýär.

Iň soňky teswirler

XS
SM
MD
LG