Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşinde Wenesuela boýunça ABŞ-nyň we Russiýanyň hödürleýän aýry-aýry rezolýusiýalary boýunça ses berilişigiň geçirilmegine garaşylýar.
Rezolýusiýanyň kabul edilmegi üçin Geňeşiň azyndan dokuz agzasynyň ony goldamagy zerurdyr. Mundanam başga, Geňeşiň hemişelik agzalarynyň hiç biriniň, ýagny ABŞ-nyň, Russiýanyň, Hytaýyň, Fransiýanyň we Britaniýanyň oňa weto goýmazlygy şertdir.
Reuters agentliginiň diplomatlara salgylanyp beren maglumatyna görä, ABŞ-nyň rezolýusiýasy gerekli dokuz sesi almagy başarsa-da, Moskwa oňa weto goýmagy göz öňünde tutýar. Beýleki tarapdan, rus rezolýusiýasynyň gerekli sesleri alyp bilmejekdigi aýdylýar.
Maglumata görä, ABŞ-nyň rezolýusiýasynda BMG-niň baş sekretary Antonio Guterresden halkara synçylarynyň gatnaşmagynda “erkin, açyk we ynamly” prezidentlik saýlawlarynyň geçirilmegine ýardam bermegi soralýar. Şeýle-de, onda syýasy oppozisiýa wekilleriniň howpsuzlygyny üpjün etmäge we ýurda gumanitar hemaýatyň eltilmegine mümkinçiligiň döredilmegine çagyrylýar.
Bu aralykda, prezident Nikolas Maduro ABŞ-dan iberilen gumanitar hemaýatyň öňüni böwetledi. Russiýa ez gezeginde muny Waşingtonyň “gumanitar oýny” diýip atlandyrdy.