Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistandan “Topar 24” hereketine girizilen gadagançylygy aradan aýyrmak soraldy


“Topar 24” hereketiniň lideri Suhrob Zafar.

Täjigistanyň “Topar 24” oppozisiýa hereketiniň ozalky agzalarynyň ençemesi ýurduň Ýokaryna suduna ýüzlenip, “toparyň indi hiç hili howp abandyrmaýandygyny” aýdyp, ony esktemistiki partiýalaryň sanawyndan çykarmaga çagyrdylar.

“Topar 24” hereketiniň ýolbaşçysy bu çagyryşlaryň basyş astynda etdirilendigini aýdyp, toparyň awtoritar prezident Emomali Rahmonyň hökümetine garşy oppozisiýa hökmünde hereket etmekden ýüz öwürmejekdigini belledi.

“Toparyň Russiýada hereket eden agzalarynyň tas ählisi diýen ýaly soňky ýyllaryň dowamynda öýlerine dolandylar. Russiýada toparyň hereketlerini ilerleder ýaly başga adam galmady” diýip, toparyň ozalky agzasy Oýatullo Gilaýew Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň Ýokary suddaky atlandyrylmasyzlygyny soran bir çeşmesi toparyň ozalky agzalarynyň 15-siniň gol goýan arzasynyň 25-nji fewralda tabşyrylandygyny tassyklady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG