Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp: Sanksiýalar sebäpli Kim bilen gepleşikler başa barmady


ABŞ-nyň prezident Donald Tramp (sagda) we Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un. Wýetnam. 28-ji fewral, 2019 ý.
ABŞ-nyň prezident Donald Tramp (sagda) we Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un. Wýetnam. 28-ji fewral, 2019 ý.

Prezident Donald Tramp Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un bilen Wýetnamda geçiren gepleşikleriniň dowamynda, esasan, ABŞ-nyň sanksiýalary barada gürrüň edilendigini aýtdy.

“Bu sanksiýalar barada boldy” diýip, Tramp 28-nji fewralda Hanoýda geçen iki günlük sammitden soň çykyş etdi. Gepleşikleriň dowamynda Koreýa ýarymadasynyň denuklerizasiýasy boýunça ylalaşyga gelmek başartmady.

“Olar sanksiýalaryň dolulygyna aýrylmagyny islediler. Biz muny edip bilmeýäris” diýip, Tramp sözüne goşdy.

Şol bir wagtda, Tramp Kimiň özüniň ýadro we raketa synaglaryny togtatmagyny dowam etdirjekdigi barada aýdandygyny hem belledi.

Mundan öň, Tramp we Kim Hanoýdaky sammitiň geçirilýän ýerini planlaşdyrylan wagtyndan ir, özleriniň aýry-aýry ulag kerwenlerinde terk etdiler. Mundanam başga, ylalaşyga gol çekmek boýunça planlaşdyrylan bilelikdäki dabara geçirilmedi.

“Kähalatda diňe ýöremek galýar. Bu şeýle ýagdaýlaryň biridi” diýip, Tramp nygtady.

Kim Hanoýyň Metropole myhmanhanasynda geçen sammitiň ikinji gününde: “Mende gowy netijeleriň boljakdygy barada duýgular bar” diýip, çykyş edipdi.

Munuň Kimiň daşary ýurtly žurnalistiň soragyna beren ilkinji jogaby bolandygy aýdylýar.

Iki lider ilkinji gezek 2018-nji ýylyň iýunynda Singapurda duşuşypdy. Şeýle-de, bu ABŞ-nyň häkimiýet başyndaky prezidenti bilen Demirgazyk Koreýanyň lideriniň ilkinji duşuşygy bolupdy. Şol sammitiň netijeleri boýunça, Kim Koreýa ýarymadasynyň denuklerizasiýasy boýunça tagalla etjekdigini aýdypdy.

Emma, şondan bäri bu ugurda kän bir öňegidişlik bolmady.

XS
SM
MD
LG