Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz sudy ozalky prezident Atambaýewi töhmetde günäli tapdy


Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Almazbek Atambaýew
Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Almazbek Atambaýew

Bişkegiň sudy Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Almazbek Atambaýewe, ozalky resmileriň abraýyna we mertebesine şek ýetirendigi üçin, maliýe jerimesini tölemek barada höküm çykardy.

Oktýabr etrap sudunyň çykaran hökümine laýyklykda, Atambaýew ozalky resmiler Azimbek Beknazarowyň, Keneşbek Duişebaýewiň we Akmatbek Keldibekowyň her birine 100 müň som, ýagny 1 müň 450 dollar möçberinde jerime tölär.

Şeýle-de, sud Aprel-TV telekanalyny Atambeýewiň 10-njy dekabrda beren interwýusyndaky belliklerini “aýyrmaly” etdi.

Keldibekow Gyrgyzystanyň parlamentiniň ozalky spikeridi, Duişebaýew Milli Howpsuzlyk boýunça Döwlet Komitetine ýolbaşçylyk edýärdi, Beknazarow bolsa, Gyrgyzystanyň ozalky baş prokurorydy.

Üç resmi Atambaýewi we Aprel-TV tele-kanalynyň direktory Dmitriý Ložkinowy “özleri barada ýalan maglumatlary bermekde” aýyplap, dekabrda suda berdiler.

Bu Atambaýew bilen Gyrgyzystanyň häzirki prezidenti Sooronbaý Jeenbekowyň arasyndaky gatnaşyklaryň dartgynlaşan döwrüne gabat geldi.

XS
SM
MD
LG