Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Maýkl Jeksonyň emlägi $31 milliona satylýar


Neverland rançosy. Arhiw suraty

Merhum estrada ýyldyzy Maýkl Jeksonyň Kaliforniýadaky Neverland rançosy ýaňadandan satuwa çykaryldy. Mundan dört ýyl ozal, ol 100 million dollara bahalanan bolsa, häzir bu ranço üçin 31 million dollar soralýar.

Maglumata görä, sebitde dowam eden guraklylyk gozgalmaýan emläkleriň bahalaryny düşüripdir, şol sebäpli-de Jeskonyň öýi ozalkysyndan has arzana satylýar.

1 müň 93 gektar ýeri tutýan emlägiň ady Sycamore Valley ranço diýlip üýtgedildi. Onuň düzüminde alty ýatylýan otagly esasy ýaşaýyş jaýy, üç sany myhman öýi, şarlawukly köl, tennis korty dagy bar.

Jeksonyň bu emläk üçin 1980-nji ýyllarda 19.5 million dollar möçberinde pul çykarandygy aýdylýar. 2008-nji ýylda pop-ýyldyzy bank karzyny töläp bilmäninden soň, bu emläk gozgalmaýan emläk kärhanasy tarapyndan 22.5 million dollara satyn alynypdy.

Jekson mundan bir ýyl soň, 50 ýaşynda aradan çykdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG