Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan türkmenleriniň soňky protestleri we eýranly türkmenleriň hukuk aladalary


Eýranly türkmenler toýa barýar. Illýustrasiýa suraty.

"Dünýä Türkmenleriniň" bu sany Eýranda bolup geçen rewolýusiýanyň 40-njy ýyldönüminde eýranly türkmenleriň geçen ýoluna, owgan türkmenleriniň arasynda kämilleşýän syýasy düşünjelilik baradaky söhbete we türkmenistanly migrantlaryň Türkiýedäki medeni durmuşyna gönükdirilýär.

  • Golaýda Eýran 1979-njy ýylda bolup geçen yslam rewolýusiýasynyň 40-njy ýyldönümini belledi. Geçen döwrüň dowamynda Eýranda ýaşaýan etniki türkmenleriň syýasy, ykdysady we medeni taýdan geçen ýoly barada “Dünýä Türkmenleri” gepleşigi asly eýranly türkmen aktiwisti bilen söhbetdeşlik geçirdi.
  • 12-nji fewralda demirgazyk Owganystanyň Jöwüzjan welaýatynda etniki türkmenler protest çäresini geçirdi. Protestçiler welaýatyň häkiminiň orunbasary wezipesine täze bellenen Abdylkadyr Maliýana ýeterlik ygtyýarlyklaryň berilmeýändigini aýtdylar. “Dünýä Türkmenleri” Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy bilen bu barada gürrüňdeş boldy. Ol owgan türkmenleriniň arasynda syýasy taýdan oýanyşyň, täzeden direlişiň bolup geçýändigini aýdýar.
  • Türkiýede ýaşaýan türkmenistanly migrantlaryň syýasy we medeni gyzyklanmalary barada “Dünýä Türkmenleri” gepleşiginiň Stambuldaky türkmenistanly söhbetdeşi gürrüň berýär.
Owgan türkmenleriniň soňky protestleri we eýranly türkmenleriň hukuk aladalary
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:01 0:00

Ilkinji tema, ýagny Eýranda rewolýusiýanyň 40-njy ýyldönüminiň bellenmegi hem-de türkmenleriň hak-hukuklary barada häzirki wagtda Germaniýada ýaşaýan asly eýranly türkmen aktiwisti “Dünýä Türkmenleri” gepleşigine beren interwýusynda geçen döwrüň dowamynda etniki türkmenleriň, şol sanda beýleki azlyklaryň ýurtda käbir hukuklarynyň kemsidilendigini aýtdy.

Ol söhbetdeşligiň başynda Eýranda türkmen diliniň çäklendirilýändigini gürrüň berdi:

“Eýranda 1979-njy ýylda rewolýusiýa boldy. Patyşalyk hökümeti syndyryldy, onuň ýerine yslamy hökümet häkimýet başyna geldi. Ynha Konstitusiýanyň 15-njy maddasynda pars dili bilen bir hatarda Eýrandaky beýleki dilleriň [pars diliniň] ýany bilen okadylmagyna [rugsat berýän] madda bar. Şu mahal ýaňy bir hepde geçenok üstünden, Eýran yslam jumhuriýetinde bolan rewolýusiýanyň 40 ýyl geçdi üstünden. Henizem şol hiç ýerde kabul edilenok Eýranyň içinde. Şol ugurda “meniň hakym” diýip herekete düşjek bolsaň, saňa azar berip başlaýarlar, saňa mesele döredip başlaýarlar, hiç ýerde işe almaýarlar” diýip, aktiwist aýtdy.

Kor syýasy meseleler sebäpli Eýrandan ýewropada ýerleşýän ýurtlara ýa-da beýleki ýurtlara gaçyp çykan etniki tükmenleriň kösençlikleri başdan geçirendigini nygtady.

“Ýewropa ýa-da daşary ýurda çykmazdan öňünçä, şo taýdaky öz hak-hukuklaryny goramak üçin herekete geçip, şol sebäpli ýurtdan çykmaly bolan adamlar. [Olar] hukuk gazanmak üçin hereket eden adamlar, bir topar deň-duşlary ýa zyndana atylan, ýa-da bolmasa tutulyp, öldürilen adamlar, şol sebäpden ýurtdan çykan adamlar. Onsoň bärde-de hak-hukugy goramaly bolýar, häzirki zamanyň şertlerine görä, şol meseläniň aladasynda bolmaly bolýar” diýip, Kor aýtdy.

Onuň sözlerine görä hak-hukuk ugrunda ýurtdan çykan adamlar öz dogduk topragynda ýaşaýan halkynyň hukuklaryny goramak ugrunda iş alyp barýarlar.

“Bular bärde syýasy hereketler bilen gyzyklananda, esasy hukuk gazanmak üçin gyzyklanmaly bolýar. Sebäbi öz ýurdunda halkyna hiç hili hukuk berilmeýär. Tersine, bar gymmatlyklaryny, baýlyklaryny alýarlar ellerinden; medeni bolsun, maddy bolsun, “mänewi” bolsun, tapawut etmeýär... Her tarapdan horlanyp gelýär. Seni öz ýaşaýan ýurduňda keseki ýaly, “şuny talamaly, şuny öz gününe goýsaň bize mesele boljak” diýen ýaly garaýyş bar...” diýip, asly eýranly türkmen aktiwisti aýtdy.

Internetde bar bolan maglumatlardan mälim bolşuna görä, Germaniýada türkmen diasporasynyň döreden medeni ojaklary hereket edýär. Olar dutar, gyjak ýaly saz gurallary bilen türkmen dilinde aýdym aýdylýan duşuşyklary wagtal-wagtal geçirip durýarlar.

Kor owgan we yrak türkmenleri bilen deňeşdireniňde eýran türkmenleri üçin syýasy mümkinçilikleriň we şertleriň başgaça bolandygyny gürrüň berdi.

“Yrakly türkmenlerden ýa-da owganystanly türkmenlerden tapawut edýär. Sebäbi ol taýda (Yrakda we Owganystanda - red.) diktator häkimiýet ýok. Sen hakyňy soraýaň, ýa sen partiýa döretjek bolýaň, ýa bir topar döredýäň, medeni toparmy ýa bir syýasy toparmy tapawudy ýok, o taýda saňa azar berilmeýär, Owganystanda ýa Yrakda. Ýöne Eýran barada aýdylanda düýbünden tersine bolýar” diýip, ýewropada ýaşaýan asly eýranly türkmen aktiwisti aýtdy.

Demirgazyk Owganystanda ýaşaýan etniki türkmenleriň arasynda bolup geçýän soňky hadysalar aktiwistiň sözüni tassyklaýan ýaly.

12-nji fewralda demirgazyk Owganystanyň Jöwüzjan welaýatynda etniki türkmenler protest çäresini geçirdi. Protestçiler welaýat häkiminiň orunbasary wezipesine täze bellenen Abdylkadyr Maliýana ýeterlik ygtyýarlyklaryň berilmeýändigini aýtdylar. Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady asuda protestleri mysal görkezip, owgan türkmenleriniň arasynda syýasy işjeňligiň galkynyp başlandygyny “Dünýä Türkmenlerine” gürrüň berdi.

“Soňky günlerde owgan türkmenleriniň arasynda syýasy duýgy-düşünjeler ösüp başlady. Mysal üçin aýdylanda, syýasy hereketler etmäge başladylar; demirgazyk Owganystanyň Jöwüzjan welaýatynda welaýat häkiminiň orunbasary prezident Gani tarapyndan wezipä bellendi. Şony welaýat häkimi işe girişmäge rugsat bermäni birnäçe günläp egläp, şony öz wezipesine girişmäge rugsat bermäni geldi. Şonuň üçin owgan türkmenleri bäş günläp protest geçirdiler. Munuň netijesinde, orunbasary öz jaýyna oturtdylar, öz wezipesine girişdi şondan soňra. Şeýle-de, Balh welaýatynyň Haýratan “benderinde” türkmenleriň ýerlerini elinden aljak boldy bir zorgöýler. Şonuň garşysyna türkmenler jemlenişip 2-3 günläp protest geçirdiler. Şol türkmenleriň protestine beýleki welaýatlardanam baryp gatnaşdylar. Bu wakalary türkmenlerde bir syýasy taýdan oýanyş, olaryň syýasy duýgy-düşünjesiniň ösüp başlamagy diýip düşünýär türkmen wekilleri. Indiden beýläk, belki, bir syýasy partiýalary hem döretmekleri ahmal diýen pikirler bar” diýip, Şamerdanguly Myrady Kabuldan gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda Owganystanda hasaba alnan partiýalaryň sany 150-den aşdy. Ýöne olaryň hatarynda etniki türkmenleriň tagallalary bilen gurlan partiýa ýok. Ýöne Owganystanda etniki türkmenleriň döreden resmi medeni ojaklary bar. Owganystanda jemi 3.000-den gowrak medeni-jemgyýetçilik guramasy hereket edýär.

Şamerdanguly Myrady demirgazyk Owganystanda türkmenleriň golaýda geçiren protest çäreleriniň guramaçylyk işleriniň sosial media arkaly, hem-de medeni ojaklaryň üsti bilen öz-özünden “spontan” häsiýetde guramalaşdyrylandygyny gürrüň berdi.

Owgan türkmenleri protest geçirýärler
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:55 0:00

“Medeni guramalaryň üsti bilen, hem Internet hem-de sosial media arkaly toparlanyşyp birek birege habar berip, “şular ýaly protest geçirjek, zulum bolup dur türkmenleriň üstüne” diýseler, duýgulanyp, birden, özboluşly bir herekete başladylar. Şol özboluşly hereketlere ulag tutup, öz jübülerinden pul töläp, baryp, protestlere gatnaşdylar. Mysal üçin, Mazaryşerifde geçirilen demonstrasiýalara Jöwüzjan welaýatyndan, Farýap welaýatyndan, Gunduz welaýatyndan baryp gatnaşdylar. Ondan soňra Jöwüzjan welaýatynda geçirilen proteste Gunduz welaýatyndan, Balh welaýatyndan, Farýap welaýatyndan baryp gatnaşdylar. Şeýdip, bileleşip, birden duýgulanyp, şol proteste gatnaşyp başladylar. ” diýip, Myrady Kabuldan gürrüň berdi.

Eýsem, Türkiýedäki türkmenistanlylaryň arasynda syýasy aktiwligiň ýagdaýy nähili?

Azatlyk Radiosynyň Türkiýede ýaşaýan türkmenistanly migrantlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerinden habarly söhbetdeşi, uzak ýyllardan bäri Türkiýede ýaşaýan türkmenistanly Rozubaýyň sözlerine görä ol ýerdäki türkmenler syýasat bilen o diýen gyzyklanyp barmaýar.

Türkiýedäki türkmenistanly migrantlaryň arasynda öz ara duşuşyklary geçirmäge syýasy habardarlygy artdyrmaga şert, mümkinçilik we motiwasiýa ýok. Olar esasan ykdysady ýagdaýlar sebäpli ýurtdan gaýdýandyklary sebäpli, Türkiýede diňe iş-gazanç bilen meşgullanyp, yzyna, Türkmenistana baryp-gelip durmagyň aladasynda bolýarlar, medeni duşuşyklary Stambulda türkmen naharlaryny hödürleýän garbanyşhanalarda geçirýärler.

“Türkmenleriň Türkiýede, Stambulda ýerleşýän birnäçe “ýemekhanalary” ýagny, garbanyşhanalary bar. Aýdaly, Fitçi haus, ýa bilmen, türkmen fitçisi, ýa bilmen, türkmen palowy, ýa türkmen çorbasy ýaly şeýle ýerler bar, garbanyşhanalar, Stambulda. Ondan daşgary, mysal üçin, türkmenleriň özleri her hepdäniň soňy öz aralarynda tanyş-bilişleri, dost-ýarlary bilen ýa-da öz garyndaşlary bilen hepdäniň dynç günleri öz öýlerinde oturyp, türkmeniň medeni durmuşyny [ýatlap] bilýärler"

Rozubaý Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň arasynda Türkmenistan we syýasat bilen baglanyşykly gorky faktorynyň uly rol oýnaýandygyny gürrüň berdi.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG