Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň harbylary: Somalide amala aşyrylan howa zarbasynda onlarça jeňçi öldürildi


“Al-Şabaab” Somaliniň paýtagty Mogadişuda bir ulagy partlatdy. 4-nji fewral, 2019 ý.
“Al-Şabaab” Somaliniň paýtagty Mogadişuda bir ulagy partlatdy. 4-nji fewral, 2019 ý.

Somaliniň günortasynda ABŞ-nyň amala aşyran howa zarbasynyň netijesinde ekstremistik “Al-Şabaab” toparynyň 26 jeňçisi öldürildi diýip, ABŞ-nyň Afrikadaky harby wekilleri maglumat berdiler.

Ýaýradylan beýanatda bellenmegine görä, 28-nji fewraldaky amala aşyrylan hüjüm “Al-Şabababa” basyşy dowam etdirmegi, onuň guramaçylyk düzümini bozmagy, şeýle-de Somaliniň halkyna ediljek guramaçylykly hüjümleriň öňüni almagy” maksat edinipdir.

1-nji martda ýaýradylan beýanatda hüjüm bilen ilteşikli başga goşmaça maglumat berilmeýär.

Mundan öň, ABŞ-nyň howa güýçleriniň 25-nji fewralda amala aşyran hüjüminde jeňçidigi öýdülýän 20 adam we 24-nji fewraldaky hüjüminde söweşijidigi çaklanylýan 20 adam öldürilipdi.

28-nji fewraldaky hüjümi hem nazarda tutsaň, onda ABŞ şu ýylyň dowamynda Somalide 24 gezek howa zarbasyny amala aşyrdy.

Howa hüjüminden ozal, “Al-Şabaab” Somaliniň paýtagty Mogadişuda bir ulagy partladyp, 19 adamy öldüripdi.

“Al-Şababaab” “Al-Kaýda” terroristiki topary bilen ilteşiklidir.

Bu toparyň jeňçileri 2011-nji ýylda paýtagt Mogadişudan çykarylypdy. Emma muňa garamazdan, toparyň söweşijileri oba ýerlerindäki uly territoriýalary heniz hem öz gözegçiliginde saklaýarlar.

XS
SM
MD
LG