Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjanly blogçy Huseýnow iki ýyldan soň türmeden boşadyldy


Azeri žurnalisti, korrupsiýa garşy blogçy Mehman Huseýnow. 2-nji mart, 2019.

Azeri žurnalisti, korrupsiýa garşy blogçy Mehman Huseýnow iki ýyllyk türme tussaglyny tamamlap, azatlyga çykdy. Onuň tussag edilmegi, syýasy äheňli diýip, halkara jemgyýetçiligi we tankytçylar tarapyndan berk tankyt edildi.

Huseýnow türmeden 2-nji martda boşadyldy. Ol 2017-nji ýylyň ýanwarynda, özüne polisiýa tarapyndan ýowuz daraşylandygyny aýdyp, tötmet atdy diýlip tussag edildi.

Huseýnow azatlyga çykanyndan soň laýyk 14 ýyl öň, 2005-nji ýylda atylyp öldürilen azerbaýjan žurnalisti Elmar Huseýnowyň Bakuwdaky mazaryna zyýarat etdi.

"Men bu gün [öldürilen žurnalist] Elmar Huseýnowyň mazaryna zyýarata geldim. Meniňçe, onuň ýoluny dowam edýän žurnalistler bolmaly. Meniň özüm hem şol ýoly saýlap aldym. Men žurnalizmiň iň kyn ýoluny saýladym we bu ýoly soňuna çenli dowam ederin” diýip, ol aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG