Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eston saýlawlarynda oppozisiýadaky liberal partiýa ýeňiş gazandy


Kaja Kallas, Reform partiýasynyň lideri

3-nji martda geçen saýlawlaryň gutarnykly netijelerine görä, Estoniýanyň oppozisiýadaky liberal Reforma partiýasy premýer-ministr Juri Ratasyň dolandyryjy merkez-ganat Merkez partiýasyndan üstün çykdy. Ses berişlikde aşa sagçylar hem köp goldaw aldy.

Baltika ýurdunyň saýlaw komissiýasy 4-nji martda günbatara tarapdar Reforma partiýasynyň sesleriň 28.8 prosentini alyp, 101 orunly parlamentiň 34 ornuny eýeländigini yglan etdi. Bu partiýanyň ozalky parlamentde 30 orny bardy.

Merkez partiýasy sesleriň 23.9 prosentini alyp, parlamentde 26 orun aldy, ýogsa ol 2014-nji ýyldaky saýlawlarda 27 orun alypdy.

Milletçi, aşa sagçy topar bolan EKRE, Estoniýanyň Konserwatiw halk partiýasy sesleriň 17.8 prosentini alyp,19 orun bilen üçünji boldy. Bu partiýa öňki saýlawda 8.1 prosent ses alyp, parlamentde 12 orna eýe bolupdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG