Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Hillari Klinton prezidentlige dalaş etmejekdigini aýdýar


Hillari Klinton

ABŞ-nyň ozalky döwlet sekretary we 2016-njy ýylda prezidentlige dalaş edip, Donald Trampdan ýeňilen Hillari Klinton 2020-nji ýyldaky prezidentlik saýlawlarynda öz kandidaturasyny hödürlemejekdigini aýtdy.

Klintonyň bu baradaky çykyşy New York City TV neşirinde çap boldy.

“Men özümiň ynanýan zatlarym ugrunda işlemegi, gürlemegi we bularyň arkasynda durmagy dowam etdirmekçi” diýip, Klinton belledi.

Demokratlaryň onlarça wekili öňümizdäki ýyl geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna dalaş etmek meýillerini mälim etdiler.

ABŞ-nyň häzirki prezidenti Donald Trampyň hem saýlawlarda dalaş etmegine garaşylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG