Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Hapa pullary ýuwmak boýunça milliardlarça dollarlyk shemanyň üsti açyldy


Sergeý Roldugin

Global ýagdaýda hapa pullary ýuwmak boýunça 9 milliard dollarlyk shemanyň üsti açyldy diýip, Guramaçylykly Jenaýat we Korrupsiýa Hasabaty Proýekti guramasy belleýär. Şeýle-de, bu shemanyň Russiýanyň iň uly hususy sermaýa banky tarapyndan dolandyrylýandygy we oňa Russiýanyň häkimiýetindäki ýokary derejeli wekilleriniň gatnaşygynyň bardygy çaklanylýar.

Düýbi Saraýewoda ýerleşýän guramanyň derňewine görä, 8.89 milliard dollarlyk shema arkaly parahor resmiler we guramaçylykly jenaýat toparlarynyň wekilleri hapa pullary ýuwupdyrlar, salgytdan gaçypdyrlar, daşary ýurtlarda emläklerini gizläpdirler we beýleki bikanun hereketleri amala aşyrypdyrlar.

Derňewçiler rus prezidenti Wladimir Putiniň ýakyn dostlarynyň biri we shemadan has köp bähbit görendigi aýdylýan wionçelist Sergeý Rolduginiň adyny aýratyn belläp geçýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG