Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Putin Russiýany INF şertnamasyndan çykardy


Rus prezidenti Wladimir Putin.

Prezident Wladimir Putin ABŞ bilen Sowuk urşy döwri baglaşylan şertnamadan Russiýany resmi ýagdaýda çykardy diýip, Kreml maglumat berýär.

Mundan öň, ABŞ Moskwany 1987-nji ýylda baglaşylan “Orta aralykly ýadro güýçleri” (INF) şertnamanyň şertlerini bozmakda aýyplap, fewral aýynda ondan çykypdy.

Bu ylalaşyk iki ýurduň hem gury ýer ganatly raketalaryny atyjysyny ýa-da 500 we 5,500 kilometr aralygyna ýetýän ballistik raketalary işläp düzmegini we edinmegini gadagan edýärdi.

Waşington we NATO Moskwany gaýta-gaýta öz 9M729 ganatly raketasyny (SSC-8 diýip hem bilinýär) gurup, şertnamanyň düzgünlerini bozmakda aýyplapdylar.

Russiýa muny ret edip, ABŞ-nyň özüni şertnamanyň düzgünlerini bozmakda aýyplady. Waşington öz gezeginde Moskwanyň aýyplamalaryny inkär etdi.

XS
SM
MD
LG