Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk kompaniýasy türkmen hökümetini tölege ukypsyzlykda aýyplaýar


Aşgabadyň Halkara aeroporty. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.
Aşgabadyň Halkara aeroporty. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.

Türkmenistanda iş alyp baran Çakiroglu Group kompaniýasynyň dolandyryş geňeşiniň agzasy Oguzhan Çakiroglu türkmen hökümetini tölege ukypsyzlykda aýyplaýar.

Onuň 28-nji fewralda eureporter neşirinde sitirlenen sözlerinde Çakiroglu türkmen hökümetiniň “maliýe serişdeleriniň gutarandygyny, täze proýektler beýlede dursun, onuň tamamlanan işler üçin hem töleg töläp bilmeýändigini” aýdýar.

Çakiroglu türkmen hökümetiniň soňky üç ýyl bäri kompaniýalara töleg töläp bilmeýändigini öňe sürdi.

Neşiriň maglumatyna görä, Çakiroglu Group kompaniýasy Türkmenistandan çekilipdir. Bu kompaniýanyň Türkmenistanda haýsy pudakda iş alyp barandygy barada maglumat berilmeýär.

Türkmen hökümetiniň daşary ýurt kompaniýalarynyň öňündäki bergisi barada öňe sürülýän maglumatlar boýunça Eureporter neşiriniň Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasyndan kommentariýa almak synanyşygy netijesiz bolupdyr.

Azatlyk Radiosynyň agzalýan meseleler boýunça Çakiroglu Group kompaniýasynyň Stambuldaky baş edarasyndan maglumat almak synanyşygy netijesiz boldy. Kompaniýanyň baş edarasy Türkmenistan bilen gatnaşyklardan Oguzhan Çakiroglunyň habarlydygyny aýtdy.

Kompaniýanyň dolandyryş geňeşiniň agzasy Oguzhan Çakiroglu türkmen hökümetiniň tölege ukypsyzlygy barada öňe süren maglumatlary boýunça Azatlyk Radiosyna interwýu bermekden saklandy.

Eureporter neşiri Türkmenistanyň Belarusyň döwlet eýeçiligindäki bir kompaniýasyna 52 million dollar möçberinde bergisiniň bardygyny aýdýar.

2018-nji ýylyň iýul aýynda Belarusyň media serişdeleri Türkmenistanyň Belarusyň öňündäki bergisiniň ýylyň 1-nji çärýeginde 80 million rubl, ýagny 40 million dollara ýetendigini habar beripdi.

Türkmen resmileri ykdysady kynçylyklary tassyklamaýar.

Geçen ýylyň iýun aýynda Reuters habar agentligi “nagt ýetmezçiliginden ejir çekýän Türkmenistanda daşary ýurtly firmalar kösenýär” atly habar çap edipdi.

Şol habarda-da Çakiroglu Group kompaniýasynyň wekili Oguzhan Çakiroglunyň sözleri getirlipdi.

Onuň şonda “Hökümet eýýäm üç ýyl bäri firmalara töleg geçirip bilenok. Gara bazaryň bahasynyň resmi kursdan 3-4 esse ýokary galmagyna getirmek bilen hökümet bazary has agyr güne salýar” diýen sözleri habarda sitirlenipdi.

Ol Reuterse beren interwýusynda öz kompaniýalarynyň Türkmenistandan birnäçe million algylarynyň bardygyny, ýöne muny almak üçin özleriniň 4-5 ýyl bäri garaşyp gelýändiklerini gürrüň beripdi.

Mundan ozal Polimeks türk kompaniýasy hem paýtagtdan Hazaryň kenaryndaky Türkmenbaşy şäherine çenli çekilmeli garaýoluň gurluşyk işlerini togtatdy.

Häzirki wagtda Bütindünýä bakynyň binýadyndaky Halkara Arbitraž dawalaryna seredýän halkara merkezde türkmen hökümetiniň garşysyna 2009-njy ýylda gozgalan işlerden 5-siniň netijelerine garaşylýar diýip, “International Policy Digest” neşiri ýanwar aýynda çap eden makalasynda aýtdy.

2018-nji ýylyň soňky çärýeginde Germaniýanyň “Unionmatex” we Türkiýäniň “Seçe inşaat” kompaniýalary Bütindünýä bankynyň binýadyndaky Inwestisiýa dawalaryna seredýän halkara merkezde algy-bergi meselesi boýunça Türkmenistany şikaýat edipdi.

Türkmenistanyň gurluşyk firmalarynda zähmet çeken onlarça türkiýeli gurluşykçylar özleriniň iki ýyl bäri türkmen firmalaryndan jemi 800 müň dollar töweregi zähmet haklaryny alyp bilmeýändiklerini aýdyp geçen ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasynyň öňünde piket geçirmäge synanyşdy.

Eureporter neşiri soňky çap eden maglumatynda 1991-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Hytaýyň Ösüş bankyndan jemi 8.1 milliard dollar möçberinde maliýe serişdesini karz alandygyny hem-de Türkmenistanda gurulýan emeli kölüň bahasynyň 4.5 milliard dollar möçberindedigini öňe sürýär.

Ýöne bu maglumatlar boýunça beýleki garaşsyz habar çeşmeleri, galyberse-de döwletiň resmi media we metbugat serişdeleri anyk san agzamaýar.

XS
SM
MD
LG