Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

AI Gazagystany “adamlaryň parahatçylykly ýygnanmak hukugyny sylamaga” çagyrýar


Gazagystanda polisiýa protestçileri saklady
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:30 0:00

Gazagystanda polisiýa protestçileri saklady

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Amnesty International” (AI) guramasy Gazagystana ýüzlenip, geçen aý Merkezi Aziýa döwletinde geçirilen protestleriň diňe bir gününde ýüzlerçe protestçiniň tussag edilmeginden soň, adamlaryň parahatçylykly ýygnanmak hukugyny sylamaga çagyrdy.

“Resmiler 27-nji fewralda ýurduň ençeme şäherinde ýygnanan protestçileri tussag edip, adamlaryň parahatçylykly ýygnanmak hukukyny äsgermeýändiklerini ýene bir gezek görkezdiler” diýip, düýbi Londonda ýerleşýän gurama 5-nji martda çykyş etdi.

Beýanatda bellenmegine görä, parahatçylykly protestler we tussag etmeler häkimiýet başyndaky Nur Otan partiýasynyň Almatydaky, Astanadaky we beýleki şäherlerdäki edaralarynyň daşynda ýüze çykypdyr.

Demonstrantlar resmileriň adaty adamlaryň mätäçliklerini ünsden düşürmekde aýypladylar.

Gazagystanda adamlaryň parahatçylykly ýagdaýda ýygnanmak hukuky berk çäklendirilýär.

Awtoritar prezident Nursoltan Nazarbaýew ýurda 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy darganyndan bäri ýolbaşçylyk edip gelýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG