Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň gündogarynda jeňçileriň hüjüminde 16 adam öldürildi


Owgan polisiýasy Jalalabatda amala aşyrylan hüjümiň sebitine gözegçilik edýär. 6-njy mart, 2019 ý.

Owganystanyň gündogaryndaky gurluşyk kärhanasyna jeňçileriň amala aşyran hüjüminde ölenleriň sany 16-a ýetdi.

Nangarhar welaýatynyň häkiminiň metbugat wekiliniň sözlerine görä, welaýatyň merkezi şäheri Jalalabatdaky esasy aeroportyň golaýyndaky gurluşyk kärhanasynda ilki janyndan geçen iki hüjümçi özüni partladypdyr, soňy bilen-de üç hüjümçi binanyň içine kürsäp giripdir.

Resminiň maglumatyna görä, partlamadan soň howpsuzlyk güýçleri bilen jeňçileriň arasynda ok atyşyk ýüze çykypdyr. Hüjümde 16 adam öldürildi, onusy hem ýaralandy.

Owgan resmileri jeňçileriň üçüsiniň hem öldürilendigini, şeýle-de ýagdaýlaryň kontrol astyna alnandygyny aýtdylar.

Hüjümiň jogapkärçiligini bata-bat hiç bir topar öz üstüne almady.

Emma, Owganystanyň gündogarynda, esasan hem Nangarhar welaýatynda hem “Talyban”, hem-de “Yslam döwleti” ekstremistik toparynyň jeňçileri hereket edýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG