Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda aýallaryň eýeçiligindäki ulaglaryň guratlyk hatynyň möhleti uzaldylmaýar


PÝGG aýallaryň sürüjilik şahadatnamalaryny ellerinden alýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:29 0:00

PÝGG aýallaryň sürüjilik şahadatnamalaryny ellerinden alýar

Aşgabatda aýallaryň ulag sürmegine garşy görülýän çäreler güýçlenip dowam edýär.

Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri aýal maşgalalaryň eýeçiligindäki ulaglary ýörite içgin barlaýar; olaryň dokumentleri, tiz kömege niýetlenen awtomobil apteçkalary ilki-düwme barlanýar, hatda apteçkalardaky dermanlaryň ýaramlylyk möhletine çenli seredilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň aşgabatly habarçysy 6-njy martda habar berdi.

“Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri her çatrykda diýen ýaly aýal sürüjileri saklap, olaryň ulaglaryny jikme-jik barlaýarlar. Hatda awtoapteçkadaky ýoduň ýaramlylyk möhletine çenli barlaýarlar. Domkrat galdyrgyçlary barlaýarlar. Biz bu zatlara razy, goý barlasynlar, rahat hereket etmäge ýol berseler bolýar. Ýöne olar munuň bilen çäklenmeýär” diýip, aşgabatly bir aýal sürüji Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ol öz eýeçiligindäki ulagynyň guratlyk hatynyň şu aý tamamlanýandygy sebäpli, onuň möhletini uzaltmak üçin Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň edara jaýyna barýar:

“Maşynyň reňkinde ýa çykan ýylynda mesele ýok, ýöne maňa häzirki wagtda aýallaryň eýeçiligindäki ulaglaryň guratlyk hatynyň möhletiniň uzaldylmaýandygyny aýtdylar. Aýallaryň ýaşyna garamazdan, olaryň ulaglarynyň guratlyk hatlarynyň möhleti uzaldylmaýar. Men 30 ýaşymda, ejemiň ulagyny Ynanç haty bilen sürýärin” diýip, aşgabatly aýal sürüji Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ol özüniň göwrelidigini, adamsynyň işleýändigi sebäpli awtoulaga zerurlyk duýýandygyny aýdýar:

“Olaryň elinde täze gadagançylyk barada resmi görkezme ýok, hemme zat dilden aýdylýar. Ýöne aýallara maşyn sürmek gadagan. Eger maşyn bilen ýola çyksalar olaryň sürüjilik şahadatnamalary ellerinden alynýar. Ulaglary jikme-jik barlanýar” diýip, aşgabatly sürüji gürrüň berýär.

Onuň sözlerine görä, polisiýanyň işgärleri onuň ulagynyň reňkinden bahana gözleýär.

“Maşyn çal reňkde. Muňa bahana tapdylar.Näme, maşynyň reňki çal diýip onuň guratlyk haty uzaldylmaly dälmi!? Ýöne men Ýol gözegçilik polisiýasynyň jaýynda erkek adamlaryň eýeçiligindäki çal reňkli ulaglaryň nobatyny gördüm. Olaryň guratlyk hatlarynyň möhletini uzaldýarlar” diýip, aşgabatly aýal sürüji habarça gürrüň berýär.

Onuň sözlerine görä, häkimiýetler oňa gönüläp häzirki wagtda aýallaryň eýeçiligindäki ulaglar bilen bagly hiç hili resmi proseduralaryň berjaý edilmeýändigini, munuň gadagan edilendigini aýdýarlar.

Aşgabatda häkimiýetleriň aýal sürüjileriň ulag hereketini çäklendirmek çäreleri fewralyň ortalarynda ýüze çykyp başlady.

18-nji fewralda Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň awtoulag sürüp barýan aýallaryň ulaglaryny saklap, dürli bahanalar bilen olaryň sürüjilik şahadatnamalarynyň ellerinden alynýandygyny habar berdi.

19-njy fewralda sürüjilik şahadatnamasyny polisiýa aldyran aşgabatly bir aýal sürüji Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň wideosyny düşürip, Azatlyk Radsioyna ugratdy.

Azatlygyň bu tema boýunça çap eden habarlary we wideo maglumatlary okyjylaryň we diňleýjileriň arasynda seslenme döretdi.

Azatlygyň YouTube kanalynda köpçülige ýetiren degişli wideosynyň aşagynda 5-nji martda teswir galdyran tomaşaçy bir aýal özüniň ulagynyň guratlyk hatynyň möhletiniň uladylmaýandygyny habar berip, zenan sürüjileri bu gadagançylyga garşy herekete geçmäge çagyrdy: “Men olar bilen ýeke özüm göreşip bilmeýärin” diýip, ol aýdýar.

Türkmenistanda aýal-gyzlaryň awtoulag sürmegine garşy girizilýän çäklendirmeler, 8-nji mart bütindünýä aýal-gyzlaryň halkara gününiň bosagasynda bolup geçýär.

Türkmenistanyň resmi media serişdeleri aýallaryň eýeçiligindäki ulaglaryň guratlyk hatlarynyň uzaldylmaýandygy barada gürrüň etmeýär.

XS
SM
MD
LG