Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Howpsuzlyk boýunça Federal Gullugyna, ýagny FSB-e ýüzlenip, täze ýaraglar we beýleki gizlin maglumatlary goramak boýunça tagallalaryny güýçlendirmäge çagyrdy. Putin muny daşary ýurtly aňtaw gulluklarynyň Russiýadaky hereketlerini ýaýbaňlandyrmagy bilen düşündirdi.
Putin bu barada 6-njy martda telewideniýe arkaly çykyş etdi. Rus prezidenti anyk ýurduň adyny tutmasa-da, bu Russiýa bilen Günbataryň arasyndaky gatnaşyklaryň ýitileşen döwrüne gabat geldi.
Mundan öň, ABŞ Moskwany 1987-nji ýylda baglaşylan “Orta aralykly ýadro güýçleri” (INF) şertnamanyň şertlerini bozmakda aýyplap, fewral aýynda ondan çykypdy. Şu hepdäniň başynda Moskwa hem şertnamadan çykdy.
Putin öz çykyşynda geçen ýyl FSB-niň 129 sany daşary ýurtly aňtaw ofiseriniň we 465 agentiň üstüni açandygyny aýtdy. Ol bu barada jikme-jik maglumatlary bermedi.
Putiniň bu aýdanlaryny beýleki garaşsyz çeşmelere tassyklatmak mümkin däl.