Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýada iki mormon tussag edildi


Salt Lake City şäherindäki Mormonlaryň taryhy kilisesi.

Russiýanyň port şäheri Noworossiýskde howpsuzlyk resmileri Mormon kilisesiniň iki agzasyny tussag etdiler.

Rus habar serişdeleriniň maglumatyna görä, şäheriň etrap sudy ABŞ-nyň şahsyýetleri aýdyňlaşdyrylmadyk iki raýatyny Russiýanyň migrasiýa kanunlaryny bozmakda günäli tapypdyr.

Düýbi ABŞ-da ýerleşýän kilisäniň metbugat wekiliniň Azatlyk Radiosyna e-meýl arkaly ýollan beýanatynda bellenmegine görä, gürrüňi gidýän şahsyýetler 1-nji martda ýerli kilisedäki duşuşyk mahaly tussag edilipdirler.

“Biziň Russiýanyň Noworosssiýsk şäherindäki iki meýletinçimiz anna güni giçlik geçirilen maslahatyň dowamynda tussag edildi. Biz bu ýaş adamlaryň gowy şertlerde saklanýandygy baradaky maglumatlary gowy garşylasak-da, biz olaryň tussag edilmegine alada bildirýäris” diýip, Erik Hawkins ýazdy.

ABŞ-nyň Döwlet Departamenti şahsyýetleriň tussag edilendigini tassyklasa-da, başga goşmaça maglumat bermedi.

“ABŞ-nyň Moskwadaky ilçihanasy bu işi ýakyndan yzarlar we ähli gerekli konsulçylyk hemaýatyny berer” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran ABŞ-nyň resmisi Azatlyk Radiosyna maglumat berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG