Eýran daşary ýurtly kompaniýalaryň ýurtda iş alyp barmagyna mümkinçilik berjek täze söwda mehanizminiň öňümizdäki iki hepdäniň içinde işläp başlajakdygyna umyt edýändigini aýdýar.
Bu barada Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Abbas Araghçi Wenada žurnalistlere maglumat berdi.
Germaniýa, Fransiýa we Britaniýa 2015-nji ýylda baglaşylan Ýadro ylalaşygyny saklap galmak ugrundaky tagallalaryň çäginde, Eýran bilen maliýe gatnaşyklaryny ýola goýjak, şeýle-de ABŞ-nyň Tährana garşy girizen sanksiýalaryna çapraz gelmejek INSTEX atly mehanizmi ýola goýdular.
Bu ýewropa firmalaryna Eýranda kanuny ýagdaýda iş alyp barmagyna mümkinçilik berer.
Bu plan ABŞ-nyň sanksiýalary girizilen pudaklary öz içine almaýar.
Geçen ýylyň maýynda prezident Donald Tramp ABŞ-ny Ýadro ylalaşygyndan çykaryp, Tährana garşy sanksiýalary ýaňadandan girizipdi.