Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabuldaky raketa hüjüminde prezidentlige dalaşgär ýaralandy


Hüjümde prezidentlige dalaş edýän bir kandidat we beýleki bir dalaşgäriň ýedi janpenasy ýaralandy.

Owganystanyň paýtagty Kabulda “Talyban” tarapyndan öldürilen belli owgan şaýy lideriniň hatyra çäresinde raketalar atyldy. Hadysada prezidentlige dalaş edýän bir kandidat we beýleki bir dalaşgäriň ýedi janpenasy ýaralandy.

1995-nji ýylda öldürilen etniki-hazara Abdul Ali Mazarynyň hatyrasyna köp sanly owgan resmileri gatnaşdylar.

Içeri işler ministrligiň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, howpsuzlyk güýçleri raketalary atandygy çaklanylýan söweşijileriň daşyny gabapdyrlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG