Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik aktiwisti prezidentiň ogluny goldamagy üçin özüne basyş edilendigini aýdýar


Täjigistanda gadagan edilen “Group 24” atly oppozision hereketiň agzasy Şarofiddin Gadoýew
Täjigistanda gadagan edilen “Group 24” atly oppozision hereketiň agzasy Şarofiddin Gadoýew

Geçen aý täjik resmileri tarapyndan alnyp gaçylyp, gynamalara sezewar edilendigini öňe sürýän tanymal oppozision aktiwist 2020-nji ýylda Täjigistanda geçiriljek prezident saýlawlarynda prezident Emomali Rahmonyň uly ogluny goldamagy üçin özüne basyş edilendigini aýdýar.

Täjigistanda gadagan edilen “Group 24” atly oppozision hereketiň agzasy Şarofiddin Gadoýew bu barada Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna interwýu berdi we Niderlandlaryň Amsterdam şäherinde žurnalistler bilen geçiren duşuşygynda aýtdy. Ol bu ýurtda bosgunlyk statusyna eýedir.

Aktiwist žurnalistlere beren maglumatyna görä, täjik Milli Howpsuzlyk döwlet komitetiniň başlygy Saimumin Ýatimow oňa “Täjigistana Group 24 hereketiniň 17 sany öňki agzasynyň dolanandygyny aýdypdyr. Şeýle-de, ol sen bu topara ýolbaşçylyk edip, 2020-nji ýylda geçiriljek prezident saýlawlarynda Rustam Emomalini goldarsyň” diýipdir.

Täjikleriň ençemesi 1992-nji ýyldan bäri Täjigistany dolandyrýan Rahmonyň 31 ýaşyndaky ogluny özüniň halaýan mirasdüşeri hökmünde köpçülige tanyşdyrmagynyň mümkindigine ynanýar. Rahmonyň ogly 29 ýaşynda Duşenbäniň häkimi wezipesine bellenilipdi.

XS
SM
MD
LG