Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Gülnara Kerimowany parahorlykda we korrupsiýada aýyplaýar


Gülnara Kerimowa
Gülnara Kerimowa

Birleşen Ştatlar Özbegistanyň öňki prezidentiniň uly gyzy Gülnara Kerimowanyň adyny ilkinji gezek uly göwrümli halkara parahorlyk shemasynda agzady. ABŞ Kerimowany Birleşen Ştatlaryň daşary ýurt korrupsiýa kanunlaryny bozmak üçin dildüwşük etmekde aýyplaýar.

ABŞ-nyň Adalat departamenti tarapyndan 7-nji martda yglan edilen jenaýat aýyplamalary, Daşkentde Kerimowanyň öý tussaglygynyň şertlerini bozandygy aýdylyp, onuň duýdansyz tussag edilmeginden birnäçe gün soňa gabat geldi.

Birleşen Ştatlaryň Adalat departamenti ABŞ-nyň daşary ýurtlardaky korrupsiýa kanunyna görä, bu işiň häzire çenli seredilýän iň uly parahorlyk shemasydygyny aýtdy.

Bu aýyplamalar Orsýetiň iň uly mobil telefon operatory MTS-y hem öz içine alýan we "parahorlyk shemasy" diýilýäne esaslanýar. Düýbi Moskwada ýerleşýän kompaniýanyň paýlary Birleşen Ştatlaryň fond biržasynda alnyp-satylýar.

7-nji martda kompaniýa özüniň Özbegistandaky mobil operator biznesi bilen ilteşikli korrupsiýa we parahorlyk aýyplamalaryny sazlamak üçin Birleşen Ştatlaryň prokurorlary bilen ylalaşyga geldi. Munuň bilen baglylykda, kompaniýa Birleşen Ştatlara 850 million amerikan dollaryny tölemäge razy boldy

XS
SM
MD
LG