Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk harby güýçleri Siriýada patrullyk etmäge başlady


Siriýanyň Idlib welaýatynda hökümet güýçleriniň zarbalary netijesinde ýumrulan jaýlaryň harabaçylygy
Siriýanyň Idlib welaýatynda hökümet güýçleriniň zarbalary netijesinde ýumrulan jaýlaryň harabaçylygy

Türk harby güýçleri Orsýet we Eýran bilen gelnen ylalaşygyň bir bölegi hökmünde, Siriýanyň Idlib welaýatynyň demirgazyk-günbatarynda patrullyk etmäge başlady.

Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki “Anadolu” habar agentliginiň 8-nji martda beren maglumatyna görä, patrullyk Idlibiň demirgazygyndan başlap, tä Aleppo welaýatynyň günorta bölegine çenli türk serhediniň eteginden dowam edýär.

Türkiýäniň goranmak ministri Hulusi Akar Türkiýäniň ini 15-20 kilometre barabar bolan ýaragsyzlandyrmak zonasynda patrullyk etjekdigini aýtdy. Şol bir wagt, ol Orsýetiň Idlibiň daşyndaky serhet territoriýasyna patrullyk etjekdigini belledi.

Akar orsýetli harbylaryň hem 8-nji martda patrullyga başlamalydygyny aýtdy, ýöne olaryň bu çärä planlaşdyrylany ýaly başlandygy ýa-da başlamandygy häzirlikçe nämälim bolmagynda galýar.

8-nji martda irden “AFP” habar agentliginiň habarçysy Aleppo welaýatynyň çetki günbatar sebitindäki ýaragsyzlandyrmak zonasynda ýerleşýän ýolda türk harbylarynyň 10 çemesi ýaragly ulaglarynyň kerwenini görendigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG