Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda aktiwistiň öldürilmeginiň yz ýany, polisiýa bir adamy tussag etdi


Pakistanyň polisiýa işgäri
Pakistanyň polisiýa işgäri

Pakistanyň polisiýasy “namys” öldürmeleri diýlip atlandyrylýan çärä garşy kampaniýa alyp baran tanymal aktiwist Afzal Kohistanini öldürmekde güman edip, bir şübhelini tussag etdi.

31 ýaşyndaky Kohistani 6-njy martda ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Abbottabad şäherinde atylyp öldürildi diýip, 8-nji martda polisiýa aýtdy.

Ýerli polisiýa başlygy Abbas Majeed şübheliniň şahsyýetini mälim edip, onuň Afzalyň 23 ýaşyndaky ýegeni Faizur Rahmandygyny aýtdy.

Polisiýa oňa garşy iş gozgady we onuň jenaýat bilen aýyplanmagyny maslahat berdi diýip, Majeed belledi.

2012-nji ýylda Kohistani dört aýal garyndaşy we olaryň iki oglan jigisi öldürilenden soňra adalatlylyga çagyryş edenden soňra meşhur bolupdy. Agzalýan zenanlar we adamlar olaryň aýdym aýdyp, çapak çalýan wideosy köpçülikde ýaýrandan soňra öldürilipdi.

XS
SM
MD
LG