Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň radiosy: Demirgazyk Koreýanyň raketa atmaga taýýarlanýan bolmagy mümkin


Demirgazyk Koreýanyň Sanumdong desgasynyň sputnikden düşürilen suratlary. Arhiwden alnan surat 2018-nji ýyla degişli.
Demirgazyk Koreýanyň Sanumdong desgasynyň sputnikden düşürilen suratlary. Arhiwden alnan surat 2018-nji ýyla degişli.

Demirgazyk Koreýanyň raketa ýa-da kosmiki raketa atmaga taýýarlanýan bolmagy mümkin diýip, Birleşen Ştatlaryň Milli jemgyýetçilik radiosy NPR habar berýär.

9-njy martda ýaýradylan habar Demirgazyk Koreýanyň Sanumdong desgasynyň sputnikden düşürilen suratlaryna esaslanýar. Bu suratlaryň aýratyn ýagdaýda elýeterli bolandygy aýdylýar.

Mundan öň, Demirgazyk Koreýa özüniň Sanumdong desgasyndan kontinentara raketalary we kosmos raketalaryny öndürmek üçin peýdalanypdy.

Bu suratlar Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un bilen Wýetnamda duşuşmazyndan birnäçe gün ozal “DigitalGlobe” firmasy tarapyndan düşürilipdir.

22-nji fewralda düşürilen suratlar desgadaky demirýol wagonlaryny, kranlary we ýük maşynlary görkezýän ýaly bolup görünýär.

XS
SM
MD
LG