Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň ýokary derejeli resmisi Serbiýany we Kosowany ‘özara öjükdirmäni’ bes etmäge çagyrýar


 Serbiýanyň prezidenti Aleksandr Wuçiç (sagda) we ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Dawid Hale. 8-nji mart, 2019 ýyl. Belgrad.
Serbiýanyň prezidenti Aleksandr Wuçiç (sagda) we ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Dawid Hale. 8-nji mart, 2019 ýyl. Belgrad.

Birleşen Ştatlaryň ýokary derejeli resmisi Serbiýany we Kosowany bir-birini öjükdirmegi bes etmäge we gatnaşyklary kadalaşdyrmaga gönükdirilen gepleşikleri täzeden dikeltmäge çagyrdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Dawid Hale Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylygynda iki ýurduň arasyndaky gepleşiklere täzeden başlamak üçin, Kosowany serb harytlary üçin girizen 100 prosent tarifini ýatyrmaga hem çagyrdy.

“Birleşen Ştatlar tarifleriň ýatyrylmagyna, özara öjükdirmäniň soňuna ýetmegine we gaýtadan dialoga başlamaga çagyrýar” diýip, Hale ABŞ-nyň Belgraddaky ilçihanasy tarapyndan serb dilinde ýazan tweetinde aýtdy.

Bu çagyryş Haliň Serbiýanyň prezidenti Aleksandr Wuçiç bilen Belgradda geçiren duşuşygynyň yz ýanyna gabat geldi. Onuň 9-njy martda Priştinada Kosowanyň liderleri bilen hem duşuşmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG