Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýewde polisiýa aşa-sagçy protestçiler bilen çaknyşdy


Kiýewde aşa-sagçy demonstrantlar polisiýa bilen çaknyşdylar. 9-njy mart.
Kiýewde aşa-sagçy demonstrantlar polisiýa bilen çaknyşdylar. 9-njy mart.

Ukrainanyň paýtagty Kiýewde aşa-sagçy demonstrantlar prezident diwanynyň daşynda polisiýa bilen çaknyşdylar.

Aşa-sagçy aktiwistler Kiýewde toplanyp, harby korrupsiýa dawasy bilen ilteşikli bolmakda aýyplanýanlaryň ählisiniň tussag edilmegini talap etdiler.

Geçen hepde çykan media derňewinde Ukrainanyň harby pudagyndaky, şol sanda prezident Petro Poroşenkonyň fabrikasynyň hem ilteşiklidigi aýdylýan, pul ýuwmak shemalary bolmakda şübhelenýän maglumatlar çap edilipdi.

Wideoda demonstrantlaryň polisiýa germewini böwsüp geçmekçi bolýan, şeýle-de feýwerkleri atýan pursatlaryny synlasa bolýar. Polisiýa öz gezeginde protestçileri yza tesdirmek üçin, göz ýaşardyjy gazy atdy. Polisiýa bir ofiseriň keselhana ýerleşdirilendigini mälim etdi.

Kiýewden 150 kilometr günorta-gündogarda ýerleşýän Çerkasy şäherinde hem protestçiler polisiýa bilen çaknyşdylar. Prezident Petro Poroşenkonyň saýlaw kampaniýasynyň çäginde çykyş etmeli ýerinde dörän çaknyşykda 15 polisiýa ofiseri ýaralandy.

XS
SM
MD
LG