Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Efiopiýanyň ýolagçy uçary heläkçilige uçrady


Efiopiýa howaýollaryna degişli uçar. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty.
Efiopiýa howaýollaryna degişli uçar. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty.

Efiopiýa howaýollaryna degişli ýolagçy uçary heläkçilige uçrady.

Addis Ababadan Kenýanyň paýtagty Nairobä uçuşy amala aşyran Boeing 737 uçarynyň bortunda 149 ýolagçynyň we sekiz ekipaž agzasynyň bolandygy bellenilýär.

Howaýollarynyň metbugat wekiliniň beren maglumatyna görä, uçar paýtagt Addis Ababadan howa galanyndan tiz wagtdan soň, 50 kilometr uzaklykdaky Efiopiýanyň Bişoftu şäheriniň golaýynda ýere gaçypdyr.

Efiopiýa howaýollary gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigini aýtdylar.

Heläkçilik bilen bagly adam pidalary barada maglumat berilmedi.

Uçaryň ýere gaçmagynyň sebäpleri hem bata-bat belli edilmedi.

Efiopiýanyň premýer-ministri pidalaryň maşgala agzalaryna öz gynanjyny bildirdi.

XS
SM
MD
LG