Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bosgunlykdaky tibetliler gozgalaňyň 60-njy ýyl dönümini ýatlaýarlar


Dalai Lama
Dalai Lama

Hindistanyň demirgazygynda adamlar buddist ybadathanasynyň daşynda ýygnanyp, Tibetiň Hytaýyň hökümetine garşy başa barmadyk gozgalaňynyň 60-njy ýyl dönümini ýatladylar.

Dalai Lamanyň tarapdarlary Dharamsaladaky ybadathanada şygarlary gygyrdylar we doga-dileg etdiler. 1959-njy ýylda Hytaýyň Tibetdäki basyp ýatyrmak hereketlerinden gaçyp çykan tibetlileriň 83 ýaşly ruhy lideri bu ýerde bosgunlykdaky hökümeti esaslandyrypdy.

Dalai Lamanyň özi häzirki çärä gatnaşmady.

XX asyryň başynda Tibet Hytaýdan garaşsyzlygyny yglan edipdi. Emma, 1951-nji ýylda Pekin kontrollygy täzeden öz eline geçirdi.

Hytaýyň hökümeti hukuk toparlarynyň tibetlilere basyş edilýändigi baradaky aýyplamalaryny ret edip gelýär. Munuň deregine, hytaý resmileri bir wagtlar yza galak sebitiň häzir eşretde ýaşaýandygyny öňe sürýärler.

XS
SM
MD
LG