“Amnesty International” guramasy Russiýanyň häkimiýetlerine adam hukuklaryny gorap çykyş edýän çeçen aktiwisti Oýub Titiýewi azatlyga goýbermäge eden çagyryşyny tekrarlady. Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän gurama Titiýewe garşy neşe saklamak boýunça bildirilen “galp” aýyplamalary “adalaty kemsitmek” diýip atlandyrdy.
Düýbi Londonda ýerleşýän gurama bu baradaky çagyryşyny 11-nji martda, ýagny Çeçenistanyň sudy bu iş boýunça jemleýji delilleri diňlemäge başlaýan mahaly etdi.
“Russiýanyň jenaýat boýunça adalat ulgamynyň repressiw maşynynyň basyşy öňküsi ýaly öz güýjünde dowam edýär we biz Oýubyň sud işiniň maksadynyň adalat däl-de, ar almakdygyna düşünmek üçin köp zat gördük” diýip, “Amnesty International” guramasynyň Russiýa boýunça derňewçisi Nataliýa Prilutskaýa aýtdy.
Titiýew günäli tapylsa, onda ol 10 ýyl türme tussaglygy bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
Russiýanyň “Memorial” adam hukuklary merkeziniň Çeçenistandaky edarasynyň direktory Titiýew 2018-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri tussaglykda saklanylýar. Şonda polisiýa Titiýewi saklap, onuň ulagynda marihuana tapandygyny aýtdy.