Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň zawody Türkmenistana senagat gaz ölçeýji gurallaryň ilkinji tapgyryny iberdi


Illýustrasiýa suraty

“Arzamyň gural öndürýän zawody” Türkmenistana senagat gaz ölçeýji gurallaryň ilkinji tapgyryny iberdi diýip, Russiýanyň “FederalPress” habar agentligi habar berýär.

Neşir özüniň 7-nji martda beren maglumatynda bu gurallaryň döwlet edaralarynyň gaz paýlaýjy desgalarynda oturdyljakdygyny aýdýar.

“Mundanam başga, 1-nji ýanwardan başlap Türkmenistanyň hökümeti ýaşaýyş jaýlarynyň ählisine energiýa resurslaryny ölçeýji gurallaryň oturdylmalydygy barada karar kabul etdi. Bu suw ölçeýji gurallara bolan talaby hem artdyrar. Eger ýurtda zawodyň suw ölçeýji gurallary eýýäm bilinýän bolsa, şol möçberdäki gaz ölçeýji gurallary ibermek uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň birinji tapgyry bolar” diýip, “Arzamyň gural öndürýän zawodunyň” satuw boýunça başlygy Mihail Surnin aýtdy.

Habarda aýdylmagyna görä, Türkmenistan bilen “Arzamyň gural öndürýän zawodunyň” arasyndaky hyzmatdaşlyk 2017-nji ýylda başlanypdyr.

Türkmenistanda gazyň sarp edilişini ölçeýän gurallary oturtmak çäresi geçen ýylyň sentýabr aýynyň 25-nde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ilata gazy, togy, suwy, nahar duzuny mugt bermek düzgünini ýatyrmak baradaky karara gol çekenden soň güýçlendirildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG