Eýranyň prezidenti Hassan Rohani özüniň Yraga amala aşyrýan ilkinji resmi saparynyň çäginde Bagdada bardy. Bu barada döwlet telewideniýesi habar berýär. Bu sapar Birleşen Ştatlar tarapyndan Yragyň öz goňşusy bilen gatnaşyklaryny çäklendirmegi üçin Bagdada basyşlaryň edilýän mahaly amala aşýar.
11-nji martda Bagdada üç günlük sapary amala şyrmak üçin gitmezden öň, Tähranyň “Mehrabad” aeroportunda çykyş eden Rohani Eýran bilen Yragyň arasyndaky “aýratyn” gatnaşyklara gowy baha berdi.
“Biz Yrak bilen gatnaşyklarymyzy, hususan-da transport gatnaşyklarymyzyň gerimini giňeltmäge örän gyzyklanma bildirýäris. Biziň şu saparyň dowamynda maslahat ediljek gyzykly proýektlerimiz bar” diýip, Rohani aýtdy.
Waşingtondan maliýe we harby goldawy alýan Bagdat Birleşen Ştatlar we Yragyň şaýy ilatynyň agzalaryna güýçli täsir ýetirýän Eýran bilen gatnaşyklaryny deňagramly saklamaga synanyşýar.
Tähranyň Yrakda resmi taýdan harby güýçleri ýok. Ýöne Eýranyň hökümeti ýurtda hereket edýän güýçli ýarym harby şaýy toparlaryny goldaýar.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.