ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo) Birleşen Ştatlaryň Wenesueladaky ähli galan diplomatlaryny yzyna çagyrmak barada görkezme berdi.
Mundan birnäçe sagat öň bolsa, Waşington Wenesuelanyň döwlet nebit kärhanasy PDVSA bilen iş alyp barandygy üçin, rus bankyna garşy sanksiýalary girizdi. Russiýa häkimiýet başynda galmakçy bolýan Wenesuelanyň lideri Nikolas Maduronyň iň esasy malýe goldawçylarynyň biridir.
ABŞ-nyň hereketleri hem Karakasa hem-de Moskwa garşy basyşlary güýçlendirýär.
Prezident Donald Trampyň administrasiýasy Madurony bikanun lider diýip atlandyryp, oppozisiýa lideri Juan Guaidony goldady.
Вакцинаны Хытай довлетинден алан болсалар говы боларды ,Турк доганларымыздан горелде алып ,шонда ялнышмарыс! Тебигы газымыз бн хасаплашып хем билердик! Хер бир затда Кремльин межбур эдени билен ,оларын диенини эдибермелими , онсузам 30(отуз) йыл туркмен халкыны косап гелйарлер,ягны олары адам хасабында гормани!